Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 13-nji maýda Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar, umuman, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da, Türkmenistan bilen alnyp barylýan dialogyň häzirki derejesine baha berdiler.
Hanym Guedar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen taslamalar barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň we edaralarynyň wekilleri üçin öňüni alyş diplomatiýasy, polemologiýa (uruş baradaky ylym), syýasy seljeriş ugurlary boýunça okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmäge gyzyklanma bildirildi.
Mundan başga-da, Ýasmin Guedar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezinde ýokary okuw mekdebiniň bilermenleri we ylmy işgärleri bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda gozgalan mowzuklar, esasan, Merkezi Aziýa sebitiniň meselelerine degişli boldy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitiniň täze birleşdiriji meýdançalaryna, aýratyn-da, energetika serişdeleri bilen baglanyşykly ulag-logistika we serhetüsti ykdysady taslamalaryna Ýewropanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy seljerijileriniň we bilermenleriniň uly gyzyklanma bildirýändikleri hem-de olaryň üns merkezinde durýandygy düşnüklidir.