Belgiýada Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugy (EEAS) tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Oňa Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, şol sanda Türkmenistanyň diplomatlary we öňdebaryjy halkara hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Okuw maslahaty örän mazmunly bolup, häzirki zaman sebitara gepleşikleriň esasy ugurlaryny öz içine aldy. Maksatnamanyň nazaryýet bölegi Ýewropa Bileleşiginiň syýasy ulgamyna umumy syny we Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň ähmiýetine jikme-jik seljermeleri özünde jemledi.
Soňra okuwlar Ýewropanyň diplomatik akademiýasynda (Brýugge ş.) dowam etdirildi. Bu ýerde akademiýanyň diňleýjileri bilen Merkezi Aziýanyň wekilleriniň arasynda çekişmeler geçirildi. Ulag, energetika we ekologiýa meseleleri boýunça geçirilen çekişmelere Türkmenistanyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.