Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konsert geçirildi
19 Maý 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konsert geçirildi

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Aýdym-sazly dabara göwünleri galkyndyrýan ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapdy.

Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olarda türkmen halkynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, Konstitusiýamyza we ýaşyl tugumyza bolan buýsanjy, bagtyýarlyk duýgusy aýdyň şöhlelendi. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, mähriban topragymyzyň gözelligi wasp edildi.

Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertiň dowamynda çykyş eden sungat ussatlarymyzyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu eserde berkarar Watanymyzyň ýaşyl tugy hem-de Esasy Kanunymyz belent heňde wasp edildi.