Ženewada Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasy öz işine başlady. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilleri 18 – 23-nji maý aralygynda geçirilýän bu halkara forumda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek we milli jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Sessiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Azat Öwezow bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory doktor Tedros Adhanom Gebreýesusyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, geljekki ileri tutulýan ugurlary jikme-jik mälim etdiler hem-de bilelikdäki maksatnamalaryň netijeliligini bellediler. Şeýle hem türkmen tarapy BSGG-niň Baş direktoryny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek sebit ähmiýetli iri çärelere gatnaşmak üçin resmi taýdan sapara çagyrdy.
Mundan başga-da, 17-nji maýda BSGG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we wekiliýet ýolbaşçylarynyň BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň sebitleýin direktory doktor Hans Klýuge bilen resmi däl duşuşygy guraldy. «Tegelek stoluň» başynda geçen gepleşikleriň esasy maksady 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Merkezi Aziýada saglygy goraýyş we abadançylyk baradaky "Ýol kartasyny" (MAÝK 2.0) institusionallaşdyrmagyň jemleýji tapgyryny utgaşdyrmakdan we ony strategik hyzmatdaşlygyň esasy sebitleýin formaty hökmünde resmi taýdan kabul etmekden ybarat boldy.
Duşuşykda "Ýol kartasyny" durmuşa geçirmegiň yzygiderli ädimleri, şeýle hem ony GDA-da saglygy goraýyş ýylynyň çäklerindäki çäreler ýaly beýleki ýokary derejeli sebitleýin prosesler bilen utgaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen birlikde, doktor Hans Klýuge bilen geçirilen aýratyn ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky sebitleýin gatnaşyklary we jemgyýetçilik saglygy goraýyş çözgütlerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini bellediler.