Türkmenistan we BMG Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreleri geçirmegi meýilleşdirýärler
21 Maý 2026
Türkmenistan we BMG Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreleri geçirmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 20-nji maýda Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ösüp gelýän nesil barada döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändigi tassyklanyldy.