Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Şagyzy Takamado bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
21 Maý 2026
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Şagyzy Takamado bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň Imperator maşgalasynyň agzasy, Şagyzy Takamado bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işle ministrligi habar berýär.

Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler, şeýle hem adaty medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Atadurdy Baýramow Şagyzy Takamado halkara dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, medeni dialogy giňeltmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen geçiren we ýokary derejedäki döwletara hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi beren iki sany duşuşygynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Ynsanperwer özara hereketleriň çäklerinde diplomat Şagyzy Takamado Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işleri barada maglumat berdi we Türkmenistanyň belent ynsanperwer ýörelgelerine hem-de ýaş nesil baradaky alada ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar strategik taýdan möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ösdürmäge özara taýýarlyklaryny bildirdiler.