Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär
23 Maý 2026
Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çärelere, haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.