Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi
26 Maý 2026
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi

25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli we 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Bu ýerde türkmeniň jaý toýuna mahsus milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi.

Ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý alan bagtyýar maşgalalara dabaraly ýagdaýda öýleriň açarlary gowşuryldy. Açylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlar döwrebap öýlerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Bagtyýar ýaşaýjylar ýurdumyzda her bir maşgalany häzirki zaman öýi we jaýy bilen üpjün etmek boýunça wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza alkyşlaryny beýan etdiler.