Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady
01 Iýun 2026
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, hemmetaraplaýyn tagallalarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, durmuşymyzyň gül-gunçalarydyr. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Her ýylda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň, köp çagaly maşgalalara amatly we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan öýleriň berilmegi hem döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň beýanydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Gutlagda şeýle hem, Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň ähmiýetine üns çekildi. Ýurduň çagalaryň hukuklaryny goramak babatynda halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýändigi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi.