Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenildi
02 Iýun 2026
Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenildi

Aşgabatda 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar geçirildi. «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirilen şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly dabaralar, dürli çäreler ajaýyp pursatlara beslenip, oňa gatnaşan çagalaryň kalbynda ýakymly duýgulary döretdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Seýilgähde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada çykyş edenler Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, Türkmenistanda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda çagalaryň mähir hem-de alada bilen gurşalyp alynýandygyny nygtadylar.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş edip, ajaýyp dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna dabara gatnaşyjylary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, Türkmenistanda bu senäniň döwlet derejesinde giň gerimli dabaralara beslenýändiginiň şaýady bolýandyklaryny belledi.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döredijilik çykyşlaryna orun berildi. Dabara gatnaşyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde goşgy aýdýan çagalaryň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.