Aşgabatdaky Puşkin adyndaky teatryň döredijilik topary «Melihowanyň bahary» atly festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy
02 Iýun 2026
Aşgabatdaky Puşkin adyndaky teatryň döredijilik topary «Melihowanyň bahary» atly festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy

A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-31-i aralygynda Moskwa şäherinde geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXXI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnynyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär.

Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýanan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy.

Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy.