Döwletliler köşgüniň çagalary welosipedler sowgat aldylar
03 Iýun 2026
Döwletliler köşgüniň çagalary welosipedler sowgat aldylar

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Gaznanyň wise-prezidenti Rejep Bazarow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzda ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýandygyny, çagalara aýratyn üns bermegiň, olar barada çäksiz alada etmegiň halkymyzyň mizemez ýörelgesidigini aýtdy.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar döwlet derejesindäki alada çäksiz hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Bagtyýar çagalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini buýsanç bilen bellediler.