Türkmenistanda 3-nji iýunda bugdaý oragy möwsümine badalga berildi
04 Iýun 2026
Türkmenistanda 3-nji iýunda bugdaý oragy möwsümine badalga berildi

3-nji iýunda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu waka mynasybetli Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda geçirilen dabaralara ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary bugdaý üçin bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Orak möwsüminde galla orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olary dolandyrýanlar tejribeli mehanizatorlardyr. Möwsümde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda tehnikalary zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlar we hyzmatlar bilen üpjün ederler. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda bolup, gullugyň hünärmenleri döwrebap enjamlar arkaly gelip gowuşýan bugdaý hasylynyň hilini dessin kesgitlärler.

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmek we bugdaý orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Möhüm waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň töwereginde gadymy ekerançylyk däplerimizi şöhlelendirýän görkezme çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi.