Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
09 Iýun 2026
Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem ýaragsyzlanmak, ýaraglara gözegçilik etmek we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurlaryndaky halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda milli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş maksatnamalara gatnaşmak we bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar konstruktiw häsiýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.