Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao şäherinde 2026-njy ýylyň 1–22-nji iýuny aralygynda «Türkmenistan üçin akylly logistikany dolandyrmak» atly halkara seminar geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň saýtynda habar berildi.
Seminaryň işine Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulglary döwlet gullugynyň wekilleri hem gatnaşýar.
Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar logistika proseslerini dolandyrmagyň häzirki zaman tehnologiýalary, ulag ulgamyndaky sanly çözgütler, ýük akymlaryny dolandyrmagyň intellektual ulgamlary hem-de ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek babatda Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşýarlar.
Alnan bilimler we amaly başarnyklar ulag-logistika hyzmatlaryny mundan beýläk hem kämilleşdirmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de deňiz ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.