Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu çäre her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Dabaranyň esasy wakasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlarynyň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi hem-de onuň ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanmagy baradaky çözgütleriň yglan edilmegi boldy.
Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ylymlar güni hem-de döwlet Baştutanymyza iň ýokary akademik atlarynyň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi. Gatnaşyjylar mundan beýläk hem ähli bilimlerini we tejribelerini Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyşlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.