Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tekliplere garadylar
15 Iýun 2026
Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tekliplere garadylar

10–12-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masuşita, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen duşuşyklar geçirildi.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyklaryň dowamynda iki döwletiň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça hem pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, şeýle hem degişli hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere garadylar. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň Parlament forumyny geçirmek, zenan parlamentarileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bar.

Geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.