Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
16 Iýun 2026
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji iýunda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň agrar ulgamynda, hususan-da, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri we durmuş-ykdysady desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri sebitlerdäki häzirki ýagdaý barada hasabat berdiler. Berlen maglumatlara görä, ähli sebitlerde galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Döwlet tarapyndan däne kabul ediş kärhanalarynyň, kombaýnlaryň we ýörite tehnikalaryň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Şeýle hem hasyl öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyk geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, dökünlemek we ösüş suwuny tutmak ýaly agrotehniki çäreler utgaşykly alnyp barylýar.

Mundan başga-da, hasabatlarda ýurtda azyk bolçulygyny berkitmek maksady bilen ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýygnanyp alynmagy, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekişiniň alnyp barylyşy, Maryda bolsa gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Şeýle-de sebit ýolbaşçylary Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, galla hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap alynmagyny we kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmegi berk tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gowaça we beýleki ekinlere ideg edilende agrotehniki kadalaryň we möhletleriň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle-de täze gurulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hem-de bellenen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy ýolbaşçylardan talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurduň oba hojalygyndaky umumy ýagdaý, tehnikalaryň netijeli ulanylyşy hem-de beýleki agrar meseleler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu pudagyň milli ykdysadyýetdäki ornunyň uludygyny belläp, wise-premýere işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda guralmagyny tabşyrdy.