Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 20-iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem geljek aýda amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň, «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriniň, arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Iýul aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2026-njy ýylda ata Watanymyzda köp sanly dabaraly çäreleriň geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.