Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzy Fizuli şäheriniň howa menzilinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu metjidiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýändigini bellemek gerek.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Hormatly Prezidentimize metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli binagärligiň nusgawy däplerini, özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar.
Jydyr düzünde döwlet Baştutanymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi. Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza ugrady.