Türkmenistan we Gruziýa maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
25 Iýun 2026
Türkmenistan we Gruziýa maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Gruziýanyň Maliýe ministri Laşa Hutsişwili bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr elektron gazeti» habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe we ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu ugurda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, bank pudagyny ösdürmäge we salgyt ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar we yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.