Türkmenistan Ras Laffanda bolan betbagtçylyk sebäpli Katara gynanç bildirdi
25 Iýun 2026
Türkmenistan Ras Laffanda bolan betbagtçylyk sebäpli Katara gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Ras Laffan senagat zolagynda ýerleşýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.