Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýän "Türkmenistan" seýilgähinde oturdylan türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Dabarada çykyş edenler akyldar şahyryň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtadylar. Şeýle hem gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolup, erkin we bagtyýar ýaşamagy baradaky arzuwlary häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Munuň özi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanyldy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.