Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärlerini hünär baýramlary bilen gutlady
27 Iýun 2026
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärlerini hünär baýramlary bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Gutlag iberdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy ösüşlere beslenýän giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler, bäsleşikler, sergiler täze, döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler medeniýet we sungat işgärlerini has kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir” diýip döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.

“Medeniýet we sungat bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygymyzdyr. Milli mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda medeniýetiň aýratyn orny bardyr. Sungat ynsan kalbynda iň gowy häsiýetleri terbiýeleýän jadyly gudratdyr. Medeniýete, sungata, edebiýata ykbalyny baglan döredijilik işgärleriniň kämil eserleri döretmekleri üçin amatly iş şertlerini üpjün etmek biziň möhüm wezipämizdir. Geljekde-de döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini höweslendirmäge, hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barlar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat işgärlerine berk jan saglyk, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.