Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Çäre Kiýew şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlady. Oňa Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar, döredijilik işgärler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar bu ýadygärligi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpýyllyk dostlugyň, özara hormatyň we berk medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň nyşany hökmünde bellediler.
Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň binasynda geçirilen resmi kabul edişlik bilen dowam etdi. Myhmanlaryň öňünde çykyş eden Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew şu ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" şygary astynda geçýändigini we ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülýändigini aýratyn nygtady.
Ukraina tarapyndan hoşallyk sözi bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine bolan gyzyklanmany tassyklady.