Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny döwrebap binagärligiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
“Täsin gözelligi, kämil tehnologiýalary, milli binagärlik aýratynlygy bilen bütin dünýäde ykrar edilen Arkadag şäheri döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny alamatlandyrýar. Geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr” diýip döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.
“Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biridir. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu işler merdana halkymyzyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri haýyr-sahawat işleriniň dabaralanýan merkezine-de öwrüldi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler uly dabaralara, çuňňur many-mazmuna beslendi. Şäherde gurulýan döwrebap metjidiň golaýda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy hem bu mekanda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz watandaşlaryna we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.