Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
30 Iýun 2026
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Ilki bilen, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryň häkimleri Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatlaryň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutladylar.

Soňra welaýatlaryň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi we ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri, gowaça ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.