Gahryman Arkadagymyz telefon arkaly birnäçe gutlaglar aldy
30 Iýun 2026
Gahryman Arkadagymyz telefon arkaly birnäçe gutlaglar aldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Ilki bilen döwlet Baştutanlar we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýurtlaryň arasyndaky döwletara gepleşikleri güýçlendirmekdäki şahsy goşandy aýratyn bellendi.

Hormatly Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan, Türkiýe we Russiýa bilen doganlyk gatnaşyklary, strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berildi.