Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bina edilen “akylly” şäheriň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Dabaraly maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda döwrebap binagärligiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni durmuşynda möhüm wakadygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar.
Çykyşlarda kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidigi nygtaldy.
“Şäherde gurulýan döwrebap metjidiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly haýyşlardyr teklipler nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy bu mekanda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär” diýip, çykyş edenler aýtdylar we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy. Belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyryp, hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize bolan hoşallygyň beýanyna öwrüldi.