Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilen Bütindünýä kongresine gatnaşdy
01 Iýul 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilen Bütindünýä kongresine gatnaşdy

30-njy iýundan 2-nji iýuly aralygynda Pariž şäherinde Fransiýanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Geňeşiniň we birnäçe halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen «Ölüm jezasyna garşy bilelikde» fransuz assosiasiýasy tarapyndan guralan 9-njy Bütindünýä ölüm jezasyna garşy kongresi geçirilýär.

Kongresiň maksatnamasyna resmi açylyş dabarasy, plenar mejlisler, tegelek stollar, tematik iş duşuşyklary, ikitaraplaýyn gepleşikler, şeýle hem ýapylyş dabarasy we halkara baýraklarynyň gowşurylyşy girizildi.

Kongresiň işine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti gatnaşýar. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekili Hallygül Tuwakowa hem-de Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew girýär.

Kongresiň esasy wakalarynyň biri resmi açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde öz çykyşyndan soň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Kongrese gatnaşýan milli wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny gutlady. Gysga söhbetdeşligiň dowamynda ol Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowany hem gutlady we bu halkara çärä Türkmenistanyň gatnaşýandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Plenar mejlisleriň dowamynda Türkmenistanyň adamyň ýaşaýyşa bolan hukugyny goramak babatda alyp barýan yzygiderli syýasaty aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň çäginde ölüm jezasynyň 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda doly ýatyrylandygyna, onuň öň ýanynda bolsa 1999-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda moratoriýnyň girizilendigine aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ölüm jezasyny doly ýatyran ilkinji döwlet bolandygy bellenildi. Bu ädim milli hukuk ulgamynda adam hukuklaryny goramagyň ösüşinde möhüm taryhy we hukuk ähmiýetine eýe boldy.