Şu gün Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda welaýatyň gallaçylarynyň zähmet üstünligi we Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, din wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Toý sadakasynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän nurana metjidiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly haýyşlar we teklipler nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy Diýarymyzda sahawatly işleriň rowaçlanýandygyny, halkymyzyň ýagşy däp-dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.
Toý sadakasynyň ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylarynyň eýeleýän sepgitleri bilen utgaşmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Tagam dadylandan soňra, din wekilleri toý töwirini okadylar. Onda “Arkadagyň ruhy metjidiniň” ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanýan ýerine öwrülmegi, ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň asylly zähmetiniň üstünliklere beslenmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.