Türkmenistan Niderlandlarda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär
02 Iýul 2026
Türkmenistan Niderlandlarda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Brifingde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan özboluşly mirasymyzy wagyz etmekde täze sahypany açdy. Şu ýylda meýilleşdirilýän halkara çäreler medeni we sport diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek bilen, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy berkitmegi ugur edinýär.

Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagyny, ahalteke atlarynyň netijeli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli çäreler görülýär. Bellenilişi ýaly, çäreleriň çäklerinde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.