Ýewropaly bilermenler ahalteke bedewleriniň kämilligi bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilige eýe bolarlar
03 Iýul 2026
Ýewropaly bilermenler ahalteke bedewleriniň kämilligi bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilige eýe bolarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigine we atly sport boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri barada brifing geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

– Ýewropada geçiriljek bu çempionat türkmen halkynyň baý medeniýetini, gadymy däp-dessurlaryny, milli atçylyk sungatynyň häzirki zaman gazananlaryny, şeýle hem türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň ýokary hünär derejesini dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar – diýip, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew aýtdy.

Berdiýew toplumyň meýdançasynda ýaýbaňlandyryljak sergi-ýarmarkasyna hem aýratyn ünsi çekdi.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň pawilýonynda pudagyň köpugurly işi beýan ediler. Bu ýerde myhmanlar tohumçylyk-seleksiýa ulgamynda gazanylan üstünlikler, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler, olary ideg etmegiň aýratynlyklary hem-de bu täsin tohumy dünýäde wagyz etmek ugrunda görülýän çäreler bilen tanyşarlar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň pawilýony bolsa türkmen halkynyň çuňňur ruhy mirasyny, taryhy-medeni gymmatlyklaryny we milli sungatyň häzirki ösüşini açyp görkezer. Bu ýerde zergärçilik we amaly-haşam sungatynyň eserleri sergilener. Şeýle hem myhmanlar milli şaý-sepler, ýurdumyzyň dürli sebitlerine mahsus nagyşlar bilen bezelen at esbaplary, şeýle-de behişdi bedewleriň gözelligini wasp edýän şekillendiriş we heýkeltaraşlyk eserleri bilen tanyşarlar.

– Adam bilen onuň wepaly dosty bolan atyň özboluşly sazlaşygyny görkezmek maksady bilen, sergi meýdançasynda ýörite manež enjamlaşdyrylar. Bu ýerde dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary geçiriler. Tomaşaçylar çylşyrymly jigit tilsimlerini, dürli akrobatik çykyşlary we at çapmak ussatlygyny synlarlar – diýip, döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda Berdiýew Ýewropanyň merkezinde geçiriljek bu iri sergi-ýarmarkanyň Türkmenistanyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy we gadymy atçylyk sungatyndaky ýokary hünär mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde halkara abraýyny has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady.