Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
“Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek we birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Žaparow öz gutlag hatynda nygtady.
“Ajaýyp syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde Siz Ýewraziýa sebitinde parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň gülläp ösmegine hem-de barha kuwwatlanmagyna uly goşant goşduňyz. Strategik wezipeleri çözmekde Siziň öňdengörüjiligiňiz we parasatlylygyňyz, türkmen halkynyň medeni baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegiňiz türkmenistanlylaryň köp nesilleri üçin görelde boldy" diýipm, Beglow öz hatynda ýazdy.
Gyrgyzystanyň we Sankt-Peterburgyň ýolbaşçylary Gahryman Arkadagymyza saglyk, abadançylyk we jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.