Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
04 Iýul 2026
Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) Öwezgeldi Jumanazarow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Türki Döwletleri Guramasynyň Sekretariatynyň binasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.