Türkmenistanda Daşoguzdaky pagta egriji fabriginde täze galyndysyz işleýän önümçilik desga açyldy
06 Iýul 2026
Türkmenistanda Daşoguzdaky pagta egriji fabriginde täze galyndysyz işleýän önümçilik desga açyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginiň çäginde täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgada nah we ýüň galyndylary, gamyş hem-de gowaça çöpi gaýtadan işlenip, mebel senagaty we gurluşyk ulgamy üçin zerur bolan serişdeler öndüriler. Ýylda 7 müň 200 tonna önüm öndürmäge ukyply bolan bu kärhananyň işe girizilmegi ýurduň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde möhüm waka boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat häkimliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň degişli kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda toý bagy kesilip, gatnaşyjylar desganyň iş şertleri we tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bolsa çärä aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman we ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilen bu bina galyndysyz usulda işleýär we ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Kärhanada öndüriljek ekologiýa taýdan arassa önümler içerki bazaryň sarp edijilerini ýokary hilli gurluşyk we mebel önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem täze önümçilik desgasynyň açylmagy bilen sebitde goşmaça 60 sany täze iş ornunyň döredilendigini bellemek gerek.