Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we köpugurly gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi
09 Iýul 2026
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we köpugurly gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi

Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň dokuzynjy mejlisinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary giňişleýin seljerildi. Duşuşykda iki ýurduň wekilleri döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini we şu ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyran döwlet saparynyň hyzmatdaşlyga täze itergi berendigini bellediler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Söwda-ykdysady ugur gepleşikleriň wajyp bölegini düzüp, taraplar özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Maýa goýumlary çekmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak we işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmek arkaly söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagyň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň sebitara guramalardaky başlyklygy we öňde duran ýokary derejeli sammitler barada pikir alşyldy.

Energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özeni hökmünde görkezildi. Iki döwletiň hem ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýe bolmagy dünýä bazarynda tagallalary utgaşdyrmaga hem-de iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, Balkan welaýatynda gurulýan täze elektrik stansiýasy elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Ulag-logistika we infrastruktura ulgamynda bähbitli geografik ýerleşişi netijeli peýdalanmak bellenildi. Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň döwrebap düzümleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamakda Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär. Taraplar sanly ösüş we telekommunikasiýa ulgamyndaky gatnaşyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ugurlary hem duşuşygyň üns merkezinde boldy. Iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, medeniýet günleriniň guralmagy, ylym we sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk halklaryň arasyndaky dostlugy has-da berkidýär. Mejlisiň jemleri boýunça geljekki anyk wezipeleri özünde jemleýän degişli Teswirnama gol çekildi.