Türkmenistan bilen ÝUNISEF adam maýasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maslahatlaşdylar
13 Iýul 2026
Türkmenistan bilen ÝUNISEF adam maýasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda amala aşyrylan diplomatik duşuşykda ilçi Sapar Pälwanow we Birleşen Millitler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Oktawian Biwol özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda taraplar ýaş nesli goldamak, çagalaryň hukuklaryny goramak hem-de durmuş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly wajyp ugurlara aýratyn üns berdiler. Ilçi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen gatnaşyklary durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde görýändigini belledi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda sagdyn we bilimli nesli kemala getirmek üçin adam maýasyna maýa goýmagyň döwletiň uzak möhletleýin durnuklylygynyň özeni bolup durýandygy nygtaldy. Oktawian Biwol Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň 30 ýaşa çenli bolan ýaşlardan ybaratdygyny aýratyn belläp, munuň geljekki ykdysady we durmuş ösüşi üçin gaty uly milli gymmatlykdygyny hem-de kuwwatly şertdigini aýtdy.

Şeýle hem taraplar Brýusselde «Generation 2050 in Central Asia» atly sebitleýin hasabatyň tanyşdyrylyşyny guramak baradaky başlangyjy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu çäräniň diňe bir hasabat bermek däl-de, eýsem, Merkezi Aziýa döwletleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagynda sebitde adam maýasyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli we netijeli dialog meýdançasy bolmalydygyny öňe sürdi.

Halkara guramasynyň wekili ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýygjam hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, milli we sebitleýin taslamalara berilýän yzygiderli goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar çagalaryň we ýaşlaryň abadançylygyny üpjün etmek hem-de täze başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.