Türkmenistan we Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler
16 Iýul 2026
Türkmenistan we Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

15-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Netijeli söhbetdeşligiň barşynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iş ýüzündäki ädimlerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykda Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýa çözgütlerini Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmaga ornaşdyrmak, şeýle hem adaty energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň iri ulag-logistika merkezi hökmünde bar bolan mümkinçiliklerini we göz öňünde tutulýan maksatnamalary maýa goýum taýdan goldamak üçin Germaniýanyň maliýe institutlaryny çekmek meselelerine seredildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.