Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşyklar geçirildi. BMG-niň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi, şeýle hem ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň kabulhanasynda Sýaoszýun Greýs Wan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa öz ynanç hatlaryny gowşurdy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti diplomaty bu wezipä bellenmegi bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň ilkinji derejeli ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nygtady. Duşuşykda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çäkli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) öňe sürmek ýaly giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan ozal daşary syýasat edarasynyň binasynda Hemişelik utgaşdyryjynyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy ynanç hatlarynyň göçürmelerini kabul etdi hem-de halkara düzümiň wekilini Aşgabatda işe başlamagy bilen gutlady. Söhbetdeşler «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň üstünlikli işini we ykdysadyýet, ekologiýa hem-de durmuş syýasaty ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň ýokary netijeliligini belläp, özara hereketleriň esasy ugurlaryna seretdiler.
Öz gezeginde, Sýaosgýun Greýs Wan mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.