Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini Respublikanyň milli baýramy bilen gutlady
23 Iýul 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini Respublikanyň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.