Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler
25 Iýul 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumy geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.