Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seretdi
25 Iýul 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seretdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Mejlisde milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, adam hukuklaryny goramak we halkara hyzmatdaşlygy hukuk taýdan goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde geçirilen duşuşyklar hem-de okuw maslahatlary barada bellenip geçildi.

Milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumda ykdysady ösüş, sanly we “ýaşyl” özgertmeler, energetika, ulag-aragatnaşyk hem-de daşky gurşawy goramak ýaly strategik ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýerasty baýlyklardan netijeli peýdalanmak we seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda ýerine ýetirmek üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli teklip goldanyldy.

Oba hojalyk pudagynda gowaça meýdanlarynda agrotehniki ideg işleri, pagta ýygymy möwsümine hem-de bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berildi. Maldarçylyk hojalyklarynda ot-iým gorlaryny döretmek boýunça hem degişli çäreler görülýär.

Elektroenergetika pudagynda içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, 1-nji awgustdan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlaryny guramak bellenildi.

Awgust aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibine laýyklykda, baýramçylyk dabaralary, medeni-köpçülikleýin bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar hem-de “Ýaňlan, Diýarym!” we “Çalsana, bagşy!” bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçiriler. Şeýle hem paýtagtymyzda Abu-Dabi welosport klubunyň we Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny guramak bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hödürlendi. Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, 2027–2037-nji ýyllary “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek, emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksini taýýarlamak, Durnukly ulag boýunça ählumumy meýilnamalary durmuşa geçirmek, Aşgabat howa dialogyny döretmek we 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar bar.

Demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň täze, döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipler makullandy.