Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
28 Iýul 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn strategik we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Myhman döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň mähirli salamyny ýetirdi. Taraplar ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem gurluşyk we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini nygtadylar.

Şeýle-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde we iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi.