Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde 28-nji iýulda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Işanguly Amanlyýew, türkiýeli hyzmatdaşlara bolsa Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleri Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, parlamentara, şertnama-hukuk we konsullyk gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki özara saparlaryň we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň döwletara hyzmatdaşlygy täze basgançaklara çykarmakda esasy itergi beriji güýç bolup durýandygy aýratyn bellenildi.
Diplomatlar halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde garaýyşlary utgaşdyrmak we özara goldaw bermegi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ugra seredilende, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň wajyp ornuna üns çekilip, söwda, ulag, energetika we gurluşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Iki ýurduň wekilleri medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş pudaklaryndaky dostlukly hyzmatdaşlygy bökdençsiz ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinji bilen hem duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ikitaraplaýyn ösüşiň geljegi uly bolan ugurlaryny maslahatlaşdylar.