Pekinde Türkmen-hytaý dialogy geçirildi
31 Iýul 2026
Pekinde Türkmen-hytaý dialogy geçirildi

30-njy iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Pekin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-hytaý dialogy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasy we «China-Turkmenistan Business Council Ltd.» guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Dialoga türkmen diplomatlary, talyp ýaşlar, Hytaýyň ylmy-jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri, şol sanda Lançžou hem-de Çiňhaý uniwersitetleriniň ylmy merkezleriniň, Gansu welaýatynyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň ýolbaşçylary we Hytaý Halkara parahatçylyk gaznasynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräni Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Parahat Durdyýew açyp, ýugnananlary Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň kesgitläp beren wezipeleriniň çäginde ýurtda alnyp barlan ulgamlaýyn işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem çykyşda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri, durmuş syýasaty we iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ugurlary bellenilip geçildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de “Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl” atly Kararnamanyň kabul edilmegi we Hytaýyň bu resminama awtordaş bolmagy aýratyn buýsanç bilen nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda hytaýly bilermenler, şol sanda professor Wan Syhaý, hanym Ma Sýaoaý we beýlekiler çykyş edip, Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän bu taryhy ýylynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýeten belent sepgitlerine we geljekki maksatlaryna ýokary baha berdiler.