Türkmenistanyň ilçisi BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
31 Iýul 2026
Türkmenistanyň ilçisi BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Malaýziýadaky (şol bir wagtyň özünde Taýland Patyşalygyndaky) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Taýlanda amala aşyran nobatdaky gulluk iş saparynyň çäklerinde Bangkok şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNESCAP-yň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar durnukly ösüşi üpjün etmek, ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de çölleşmä garşy bilelikde göreşmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary, aýratyn-da, Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebitleýin merkezi döretmek baradaky teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň awgustynda Mongoliýada geçiriljek BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna (COP17) hem-de 2027-nji ýylyň aprelinde Şanhaýda boljak UNESCAP-yň 83-nji mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.