Türkmenistan Merkezi Aziýada sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maslahatyna gatnaşdy
04 Awgust 2026
Türkmenistan Merkezi Aziýada sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahat beriş duşuşygyna Päkistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça federal ministri Şaza Fatima Hawaja, Aziýa Ösüş Bankynyň Pakistandaky wekilhanasynyň direktory Emma Fan, şeýle hem CAREC maksatnamasyna agza dokuz ýurduň döwlet edaralarynyň, aragatnaşyk operatorlarynyň, düzgünleşdiriji edaralaryň, halkara guramalarynyň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we tehniki bilermenleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri ýurduň sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, sanly özgertmeleri ilerletmäge hem-de sebit döwletleriniň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Türkmen tarapy CAREC giňişliginde döwrebap sanly gurşawy kemala getirmegiň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň, serhetüsti sanly hyzmatlary giňeltmegiň we sebit integrasiýasyny berkitmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri foruma gatnaşyjylary ýurtda telekommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmak, sanly döwlet hyzmatlaryny ösdürmek we häzirki zaman sanly çözgütleri, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.