Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry tamamlandy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada guralan bu aýdym-sazly baýramçylyk çäresine köp sanly sungat söýüjiler ýygnandy. Bäsleşige gatnaşyjylar gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli mirasymyzy we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymlary täze öwüşginde ýerine ýetirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Görkezilen ajaýyp çykyşlaryň we tanslaryň аrаsyndan iň zehinlileri saýlamak halypa sungat ussatlaryndan düzülen emin agzalary üçin aňsat düşmedi. Adalatly eminligiň netijesinde Dänew etrabynyň «Ýyldyz» geňeşliginiň ýaşaýjysy Atamyrat Muhtarow «Humaý gözli» aýdymy bilen hem-de Halaç etrabynyň Medeniýet merkeziniň işgäri Jumageldi Babaýew «Läläm» diýen aýdymy bilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Garaşsyzlyk toýunyň öň ýanynda däp bolan görnüşde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürjek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bu döredijilik bäsleşigi zehinli ýaşlaryň ukyplaryny açyp görkezmeklerine hem-de aýdym-saz äleminde täze parlak ýyldyzlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär.