Türkmen halkynyň Milli Lideriniň iş sapary Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykardy
11 Awgust 2026
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň iş sapary Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy awgustda Mary welaýatyna hem-de goňşy Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna gelip, ol ýerden Owganystanyň resmi wekiliýeti bilen duşuşmak üçin goňşy ýurda geçdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz owgan ýaşlary bilen ýadygärlik surata düşüp, olara sowgatlaryny gowşurdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn hem-de giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. Owgan tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, sebitdäki durnuklylyga goşýan goşandyna we yzygiderli berýän ynsanperwerlik kömegine diňe bir ykdysady däl, eýsem, doganlyk goldawy hökmünde hem ýokary baha berdi.

Gepleşikleriň baş mowzugy iki ýurduň arasyndaky strategik taslamalar, hususan-da Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Serhetabat — Hyrat ugry boldy. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy. Owgan tarapy bu taslamalaryň täze iş orunlaryny döretmekde we energetika üpjünçiligini gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtap, gaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda türkmen tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Duşuşykda ulag-logistika hyzmatdaşlygyna, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine we “Lapis Lazuli” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) halkara ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz bu ugurda bitewi logistik merkezi döretmek, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek üçin “Bir penjire” ulgamyny girizmek we bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmek baradaky özara bähbitli teklipleriň ähmiýetini ýene bir gezek belledi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda owganystanly talyplaryň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyny giňeltmek meselelerine seredildi.

Hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen Gahryman Arkadagymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Gepleşikleriň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek we sebiti türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Çäreleriň dowamynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada wideoşekiller görkezilip, toý sadakasy berildi. Saparyny üstünlikli tamamlan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ilki Mary şäherine, soňra bolsa paýtagtymyz Aşgabada dolandy.

Bu iş sapary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň nobatdaky aýdyň dabaralanmasy boldy.